Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýoew 15-nji oktýabrda Daşkent sebitinde täze halkara howa menziliniň gurluşygynyň başlanmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy diýip, prezidentiň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenmegine görä, soňky sekiz ýylda paýtagta gelýän ýolagçylaryň akymy üç esse artyp, ýylda 9 million adama ýetdi we 2040-njy ýyla çenli Daşkende gelýän adamlaryň sany ýylda 24 milliondan geçer.
Häzirki howa menzili her ýylda 11 million ýolagçy üçin niýetlenen we şäher eteginde ýerleşensoň, mundan artyk giňeldilip bolmaz. Şu sebäpden Urtaçirçik we Kuýiçirçik etraplarynda 1300 gektar meýdanda täze halkara howa menzilini gurmak kararyna gelindi.
Taslama döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň üsti bilen amala aşyrylar. Bu işe hususy hyzmatdaşlardan “Vision Invest” (Saud Arabystany), “Sojitz” söwda öýi (Ýaponiýa) we “Incheon” halkara howa menzili korporasiýasy (Günorta Koreýa) gatnaşar.