Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň premýer-ministri Tusk demir ýol partlamasyny 'sabotaž hereketi' atlandyrdy


Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk (sagda) 17-nji noýabrda demir ýoluň zeper ýeten bölegini barlaýar.
Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk (sagda) 17-nji noýabrda demir ýoluň zeper ýeten bölegini barlaýar.

Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk Ukraina harby harytlary we kömekleri daşamak üçin ulanylýan esasy demir ýol ulgamyndaky partlamanyň "görlüp-eşidilmedik sabotaž hereketi" sebäpli bolandygyny aýtdy.

Tusk 17-nji noýabrda sosial mediada ýazan maglumatynda partlamanyň bir gün öň Warşawadan Polşanyň gündogaryndaky Lýubline şäherine barýan liniýada, Ukraina bilen serhetden takmynan 100 kilometr uzaklykda bolandygyny belledi.

"Warşawa-Lýublin ugry boýunça demir ýoluň partladylmagy Polşa döwletiniň we onuň raýatlarynyň howpsuzlygyna gönükdirilen öň görlüp-eşidilmedik sabotaž hereketidir" diýip, Tusk öz ýazgysynda derňewiň geçirilýändigini hem sözüne goşdy.

Ol partlama ýa-da onuň arkasynda kimleriň durandygy barada başga maglumat bermedi, ýöne şol bir demir ýol ulgamynyň gündogar tarapynda zyýan ýeten ikinji bir ýeriň tapylandygyny hem aýtdy.

Polşanyň prokurorlary bu sabotažy daşary ýurt döwletiniň buýrugy bilen amala aşyrylyp bilinjek terrorçylyk hökmünde häsiýetlendirdiler. Premýer-ministr Tusk sişenbe güni, ýagny 18-nji noýabrda Milli howpsuzlyk komitetiniň mejlisini geçirýär.

XS
SM
MD
LG