Polşanyň demirgazyk-gündogarynda ýurdy Ukraina bilen birleşdirýän demir ýol zaýalandy. Otly sürüjisi ýola zyýan ýetendigini görüp, polisiýa habar berdi.
Polisiýa otluda iki ýolagçynyň we birnäçe işçiniň bardygyny tassyklady. Olaryň hiç birine şikes ýetmedi.
Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk sabotaž bolmagynyň mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny aýtdy. Içeri işler ministriniň orunbasary Maçeý Duşçik zeperiň partlama sebäpli däldigini aýtdy, ýöne başga maglumat bermedi.
Tusk soňra Warşawa-Lublin liniýasynda partlaýjy enjamyň partlandygyny ýazdy. "Gynansak-da, iň erbet şübheler tassyklandy" diýip, Polşanyň premýer-ministri belledi.
- Iýul aýynda Polşanyň häkimiýetleri ýurtda sabotaž hereketlerini guramak üçin Russiýanyň aňtaw gulluklary bilen hyzmatdaşlyk etmekde şübhelenýän 32 adamy tussag etdi. Jenaýatçy toparyň düzüminde Polşanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň we Kolumbiýanyň raýatlary bardy. Polşanyň içeri howpsuzlyk gullugynyň maglumatyna görä, jenaýatlar rus aňtaw gulluklarynyň görkezmesi boýunça amala aşyrylypdyr ýa-da meýilleşdirilipdir.
- Russiýa Polşada sabotaž we töwekgelçilik hereketlerine gatnaşmagy baradaky aýyplamalary ret edýär. Russiýanyň Daşary işler ministrligi Warşawanyň öňe sürýänlerini esaslandyrylmadyk we ýurtlaryň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirmäge gönükdirilen diýip atlandyrýar.