Pol Kapur döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi wezipesine resmi taýdan girişdi.
Resmi kasam kabul ediş dabarasy 23-nji oktýabrda, irden geçirildi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri býurosy X ulgamynda (öňki Twitter) habar berdi.
Kapur bu wezipäni 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2025-nji ýylyň ýanwaryna çenli eýelän Donald Lunyň ornuna geldi. Günorta we Merkezi Aziýa işleri býurosy ABŞ-nyň sebitdäki howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk, terrorçylyga garşy göreş we infrastrukturany ösdürmek syýasatlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.