AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionynda düşürilen täsin suratlar. Has kän sergi görmek isleseňiz, "Picture This" arhiwine geliň.
Region görnüşleri # 45
5
New-Deli, 8-nji noýabrda bellenen Diwali festiwalyndan soň, Hindi derwezesini süpüren jemagat işgäri gyzy bilen ýola düşýär. (AP/Manish Swarup)
6
Ak tamyň işgäri 6-njy noýabrdaky ara-möhlet saýlawlrdan soň guralan metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa anyk sorag beren CNN žurnalistim Jim Akostanyň elindäki mikrofony aljak bolýar. Tramp Akostany "gödek, eýmenç adam" diýip atlandyrdy. Bu waka sebäpli Akostanyň Ak tama barmak ygtyýarlygy ýatyryldy. (Reuters/Jonathan Ernst)
7
Hindi dindarlary Tihar festiwalynda sygra çokunýarlar. Kathmandu, Nepal. (AP/Niranjan Shrestha)
8
II Jahan urşy döwründäki Gyzyl goşunyň esgerleriniň uniformalaryny geýen esgerler aýnasyna merhemetli Bazil ybadathanasynyň şekili düşen maşynyň nowasynda otyrlar. Moskwa, Gyzyl meýdan. (AP/Alexander Zemlianichenko)