AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #34
9
Turaj obasynda süle hasylyny ýygnaýan alban zenany. (epa-EFE/Valdrin Xhemaj)
10
Ýerli sirkiň tälimçisi yssy tomus gününde pilleri Gara deňizde suwa salýar. Ýewpatoria, Ukrainanyň Orsýet tarapyndan basylyp alnan Krym ýarymadasy. (Reuters/Pavel Rebrov)
11
Musulman zyýaratçylarynyň Megnäniň golaýyndaky Mina barmak üçin münen awtobuslarynyň ýokardan düşürilen suraty. Saud Arabystany. (epa-EFE/Sedat Suna)
12
Çeh premýer-ministri Andreý Babis Pragada sowetleriň ýolbaşçylygynda 1968-nji ýylda Çehoslowakiýa goşun salnanda pida bolanlaryň hormatyna guralan dabarada söz sözleýän wagty gorag aýnasyny tutup duran gekler. 21-nji awgust. (AP/Petr David Josek)