AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #30
9
Karaçide umumy saýlawlar mahalynda milli saýlaw kartlaryny görkezýän saýlawçylar. Pakistan. (EPA-EFE/Shahzaib Akber)
10
Kwetta. 25-nji iýulda saýlaw stansiýasynyň daşynda janyndan geçen bombaçynyň özüni ýarmagy netijesinde ölen 31 adamyň arasynda wepat bolan dostunyň ýasyny tutýan pakistanly. Bu hüjümiň jogapkärçiligini YD ekstremist topary öz üstüne aldy.
11
Sweida. Janyndan geçen bombaçynyň özüni ýaran ýerini barlaýan siriýalylar. Döwlet mediasy ýurduň günortasynda bolan partlamada onlarça adamyň öldürilendigini aýdýarlar. (SANA via AP)
12
Hindisatn, Srinagaryň etegi. Döwletiň betbagtçylyklara garşy göreşýän güýçleriniň agzasy Tailbaldaky silde gark bolan adamy gözleýär. (Reuters/Danish Ismail)