AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #26
5
Birma häkimiýetleri Neşä garşy göreşiň halkara gününde tutulyp lanan neşe maddalaryny ýakýarlar. Ýangon, 26-njy iýun. (AFP/Ye Aung Thu)
6
Musulman syýahatçylary Taksim skwerinde türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň "Sag bol, Stambul" diýen ýazgyly plakatynyň öňünde surata düşýärler. 26-njy iýun. (epa-EFE/Sedat Suna)
7
Bosgun lagerindäki çadyrlarynyň işiginde ýüp böküp oýnaýan rohinga çagalary. Kutupalong, Bangladeş. (AP/Wong Maye-E)
8
Eýranyň Majid Hosseini (Ç) Futbol çempionatynyň topar oýununda Portugalyň Cristiano Ronaldosy bilen bäsleşýär. Saransk, Orsýet, 25-nji iýun. (Reuters/Ivan Alvarado)