AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #14
5
NATO gününde paýtagtyň merkezi meýdançasynda çykyş hünärini görkezýän makedon esgeri, Skopje. Macedoniýa NATO agzasy däl, emma makedon esgerleri NATO-nyň Yrakdaky we Owganystandaky missiýalaryna gatnaşýar. (epa-EFE/Georgi Licovski)
6
Kiýew. Halkara minalardan habardarlyk gününde şäher merkezinde, açyk asmanyň astynda guralan maglumat gününde top oklarynyň ýanyndan oýunjak motoryny sürüp barýan çaga. Ukraianda 1,800-den gowrak adam mina we partlaýjy ejirini çekdi, olaryň 600 sanysy, şol sanda çagalar heläk boldy. (AFP/Sergei Supinsky)
7
Pasha baýramçylygynda aýallara suw sepýän erkekler. Mezokovesd, Wengriýa. (Reuters/Bernadett Szabo)
8
Pasha duşenbesi baýramçylygy. Oglanlar gyzy ýasama gamçy bilen 'saýgylaýar' . Çehiýanyň Welke Pawlovise şäheri. (AFP/Radek Mica)