AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar.
Region görnüşleri #12
1
Germaniýanyň Frankfurt şäherinde "Luminale" yşyk festiwalynyň açylyş dabarasy bolan mahaly, Roemer meýdançasyndaky bir jaýdan öwşün atýar. (AP/Michael Probst)
2
22-nji martda ukrain parlamentiniň deputaty Nadia Sawçenko özüniň Ukrainanyň gahryman ýyldyzy baradaky sylagyny görkezýär. Şondan gysga wagt soň, Sawçenko tussag edildi. Sawçenko kanun çykaryjy organa “terrorçylykly” hüjümiň dildüwşügni etmekde aýyplanýar. (Reuters/Valentyn Ogirenko)
3
Prizren sebitinde pars Täze ýyl baýramçylygy bellenýän mahaly, kosowaly derwüş uly iňňäni ýaňagyna dürtýär. (AFP/Armend Nimani)
4
Kosowanyň sudy ymam Şefket Krasnigiň günäsizdigi barada karar çykarylandan soň, ymamyň tarapdarlarynyň biri onuň maňlaýyndan ogşaýar. Krasnik terrorçylykda we ýigrenç mazmunly çykyş etmekde aýyplanypdy. (epa-EFE/Valdrin Xhemaj)