Margarita Murahtaýewa Nižniý Nowgorodda özüni otlan ejesiniň, žurnalist Irina Slawinanyň ýogalan ýerine gül goýmakçy bolanda tussag edildi diýip, OVD-Info neşiri habar berýär.
Murahtaýewany, "düşündiriş bermegi üçin", polisiýa bölümine alyp gitdiler diýip, neşir adam hukuklaryny goraýan aktiwistlere aýtdy.
"V Gorode N" neşiri žurnalistiň jan beren ýeriniň wagtlaýyn diwarlar, duýduryş lentasy bilen gabalanandygyny, golaýda polisiýa awtoulagynyň durandygyny habar berdi.
Žurnalist Irina Slawina 2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Içeri işler ministrliginiň binasynyň öňünde özüni otlady. Ol öz janyna kast etmeziniň öňüsyrasynda Facebookda "Meniň ölümimde Russiýa Federasiýasyny günäkärlemegiňizi soraýaryn" diýip ýazan sözlerini paýlaşdy.