Newşehir polisiýa bölüminiň Kontrabanda we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş bölüminiň işgärleri ýurda köp mukdarda bikanun altyn geçirmek synanyşygy barada maglumat aldylar. Newşehir we Gülşehir prokuraturasynyň görkezmelerine laýyklykda, polisiýa Kapadokiýa aeroportunda tehniki we fiziki gözegçilik işlerini başlady.
Howa menziliniň binasynda geçirilen operasiýa wagtynda polisiýa şübhe döreden enjamlara, et üweýän we hamyr ýugurýan maşynlara üns beripdir. Türkiýäniň ntv.com.tr web sahypasynyň habaryna görä, bu enjamlaryň içi burawlanyp açylanyndan soň, eredilen we maşyn bölekleri hökmünde gizlenen 61 kilogram we 121 gram agramyndaky altyn böleklerini tapdylar.
Operasiýa netijesinde alty adam tussag edildi, olaryň bäşisi Özbegistanyň raýatlary, biri türk raýaty. Ol kontrabanda ýüklerini almak üçin aeroporta gelipdir.
Habarda aýdylmagyna görä, Özbegistanyň raýatlary Türkiýä Stambula uçýan uçar bilen gelipdirler.
Ele salnan altynyň bazar bahasy takmynan 355 million türk lirasyna (takmynan 8,46 million dollar) deň.
Tussag edilen özbegistanlylaryň biri deportasiýa üçin Bikanun migrasiýa garşy göreş bölümine tabşyryldy; galanlary tussag edildi.