17-nji noýabrda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň iň ýokary döwlet sylagy bolan “Oliý Darajaly Dostluk” ordenini Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy.
“Bu karar Özbegistan halkynyň Türkmenistanyň prezidentiniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy, özara ynamy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde gazanan üstünliklerine bolan tüýs ýürekden hormatyny we ykrar etmegini görkezýär... Siz kakaňyz, türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguli Berdimuhamedowyň işini mynasyp dowam etdirýärsiňiz” diýip, özbek prezidentiniň metbugat gullugy Mirziýoýewi sitirledi.
Resmi maglumatda Serdar Berdimuhamedowyň özbek-türkmen gatnaşyklarynyň giňelmegine goşan goşandynyň ykrar edilendigi we munuň ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini öz içine alýandygy aýdyldy. Şawat-Daşoguz serhet söwda zolagynyň işe girizilendigi hem agzaldy.
Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň ýedinji maslahatyna gatnaşdy.