Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmelere gol çekdi, oňa laýyklykda, 18 ýaşyna ýetmedik we jezasyny çeken raýatlar, aýratyn agyr ýa-da gaýtalanan jenaýatlar edilmedik ýagdaýynda, sud edilen hasaplanmaz.
Düzedişlere laýyklykda, Jenaýat kodeksiniň 77-nji maddasy aşakdaky düzgün bilen doldurylýar: "18 ýaşyna ýetmezden öň eden jenaýaty üçin jezasyny çeken adam, agyr jenaýatlar etmedik bolsa ýa-da 18 ýaşyna ýetmezden öň täze bilkastlaýyn jenaýat etmedik halatynda sud edilmedik hasaplanýar".
Mundan başga-da, Jenaýat kodeksiniň 84-1 we 85-nji maddalary kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin azatlygy çäklendirmegiň we türme tussaglygynyň iň pes möhletini alty aýdan bir aýa çenli azaldýar.
Özbegistanly senatorlaryň öň belläp geçişi ýaly, kanun kämillik ýaşyna ýetmedikleriň "jenaýat tagmasy bolmazdan" durmuşyny dowam etdirmegine mümkinçilik bermäge gönükdirilýär, bu bolsa olaryň sosial taýdan uýgunlaşmagyna ýardam bermelidir.
Resmi statistika görä, 2023-nji ýylda Özbegistanda 1911 kämillik ýaşyna ýetmedik çaga, 2024-nji ýylda bolsa 2214 çaga jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Olaryň 1238-si jemgyýetçilik üçin uly howp döretmeýän jenaýatlar, 855-si bolsa ýeňil jenaýatlar üçin sud edildi.