Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan we Serbiýa Merkezi Aziýa bilen Balkanlaryň arasynda ulag ýollaryny ösdürer


Özbegistan we Serbiýa Merkezi Aziýa bilen Balkanlary birleşdirýän täze ulag ýollaryny, şol sanda Hazarüsti geçelgesiniň çägindäki ýollary ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar diýip, Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Bu meseleler 28-nji oktýabrda, iki ýurduň resmi delegasiýalarynyň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiçiň gatnaşmagynda Daşkentde geçirilen resmi gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Siziň resmi saparyňyz diplomatik gatnaşyklarymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýär we hakykatdanam taryhy wakadyr. Özbegistan Serbiýa uly simpatiýa bilen garaýar. Biziň halklarymyzy ýakyn dostluk gatnaşyklary we meňzeş mentalitet birleşdirýär" diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwdanyň mukdaryny artdyrmak we maşyn gurluşygy, derman senagaty, himiýa senagaty, maglumat tehnologiýalary we sanlylaşdyrma, oba hojalygy we syýahatçylyk ýaly esasy pudaklary öz içine alýan giňişleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny işläp düzmek meselelerine üns berildi.

Taraplar, ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin, Hökümetara toparynyň ilkinji mejlisini geljek ýyl Daşkentde geçirmek baradaky ylalaşyga geldiler.

XS
SM
MD
LG