Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan indiki ýyldan ABŞ-nyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizer


Samarkantda daşary ýurtly syýahatçylar. (Arhiw suraty)
Samarkantda daşary ýurtly syýahatçylar. (Arhiw suraty)

“UzA” habar agentliginiň maglumatyna görä, Özbegistan 2026-njy ýyldan başlap ABŞ-nyň raýatlary üçin wizany ýatyrar. Bu barada prezident Şawkat Mirziýoýew 3-nji noýabrda permana gol çekipdir.

Permana görä, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ABŞ raýatlary üçin Özbegistana giren gününden başlap 30 güne çenli wizasyz syýahat düzgüni ýola goýular.

Permanda bu kararyň Özbegistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda, ykdysady, medeni, ynsanperwer we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigi nygtalýar.

ABŞ-nyň raýatlary üçin wizasyz režimi girizmek meýilnamasy ýurda syýahatçylaryň akymyny artdyrmak barada şu ýylyň 15-nji maýynda prezidentiň gol çeken permanynda yglan edildi. Şonda Özbegistanyň diňe bir amerikanlylar üçin wizasyz syýahaty girizmek bilen çäklenmän, eýsem ABŞ-nyň hem wiza talaplaryny ýeňilleşdirmeginiň isleýändigi habar berlipdi.

2021-nji ýyldan bäri Özbegistanda ABŞ-nyň we başga-da birnäçe ýurduň ýaşy 55-den ýokary raýatlary üçin syýahatçylyk maksady bilen 30 güne çenli wizasyz režim ýöredilýär.

XS
SM
MD
LG