Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mihail Saakaşwili hassahanadan türmä geçirildi


Saakaşwili Wiwamedi hassahanasynda, mart, 2025-nji ýyl
Saakaşwili Wiwamedi hassahanasynda, mart, 2025-nji ýyl

Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili Rustawidäki türmä, yzyna gaýtarylyp getirildi. Gürjüstanyň jeza çäreleri gullugy syýasatçynyň jezasyny "adaty tertipde" dowam etdirýändigini aýtdy. Ol 2022-nji ýylyň maý aýyndan bäri hassahanada saklanylýardy.

“Eho Kawkaza” neşiriniň habaryna görä, Gürjüstanyň häkimiýetleri Saakaşwiliniň saglygyny “kanagatlanarly” diýip häsiýetlendirýärler we onuň indi hassahana bejergisine mätäç däldigini aýdýarlar.

Saakaşwili birnäçe jenaýat aýyplamasy boýunça günäli tapyldy we 2034-nji ýylyň apreline çenli özüne çykarylan kazyýet hökümi esasynda jeza çekmeli.

Şu aralykda, Gürjüstanyň prokuraturasy 6-njy noýabrda oňa garşy täze, ýene bir jenaýat işiniň gozgalandygyny yglan etdi.

Öňki prezidentiň tarapdarlary onuň yzarlanmagynyň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýarlar. Adam hukuklary guramalary we Günbatar syýasatçylary onuň tussaglykdan boşadylmagyny talap etdiler.

XS
SM
MD
LG