Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň birnäçe obasynda agyz suw üpjünçiligi kesildi, şäher ilatyna suw günde çäkli möçberde berilýär


Türkmenistanda suw üpjünçiligi kesilen sebitiň ýaşaýjylary üçin agyz suwuny getiren ulag (Arhiw suraty)
Türkmenistanda suw üpjünçiligi kesilen sebitiň ýaşaýjylary üçin agyz suwuny getiren ulag (Arhiw suraty)

Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi ýurduň oba hojalyk pudagynda we ilatyň agyz suw üpjünçiliginde uly problema bolmagynda galýar. Mary welaýatynyň birnäçe obasynda ilata agyz suwy iki aý bäri berilmeýän mahaly, etrap merkezindäki ýaşaýyş jaýlaryna suw çäkli möçberde akdyrylýar. Mundan başga-da, oba ýaplarynyň ençemesinde eýýäm birnäçe hepde bäri suw ýok. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Diňe oba ýaplarynda däl, eýse oba ýaşaýjylarynyň agyz suwy hem akmaýar. Oba ýerleriniň adamlary agyz suwlaryny öz howuzlaryna suw daşaýjy ulaglar bilen suw doldurmak arkaly üpjün edýärler. Adamlar suwy gaty tygşytlap ulanýarlar” diýip, oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Oba ýaşaýjylarynyň ençemesi bu ýagdaýyň eýýäm iki aý bäri dowam edýändigini, bir suw daşaýjy ulagyň suwy üçin 200 manat tölemeli bolýandyklaryny aýdyp, munuň köp maşgala juda agram salýandygyny belleýär.

“Ýerli häkimiýetlere suwuň akmaýandygy aýdylsa-da, henize çenli çözgüt tapmadylar” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýaramaz suw üpjünçiligi diňe oba ýerlerinde däl, eýse etrap merkezinde hem ýitileşýär. Soňky hepdelerde şäher ýaşaýjylarynyň köpüsine günde üç wagtyna suw berilýär.

"Suwuň akyş güýji gaty pes bolýar"

“Suw diňe irden sagat 6-dan 9-a çenli, günortan sagat 12-den 2-ä çenli, agşam bolsa bir az köpräk wagt akdyrylyp, giçlik sagat 6-dan gijäň ýaryna, ýagny gije sagat 12-ä çenli suw berilýär” diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlykda Marynyň gürrüňi edilýän etraby we onuň merkezi şäheri hem-de obalary barada jikme-jik maglumat bolsa-da, redaksiýa habarçymyzyň we çeşmelerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

“Şäher ýaşaýjylary suwuň akýan wagtlary uly gaplaryny suwdan doldurýarlar. Şähere ýakyn oba ýerlerinde hepdede iki sapar suw berilýär. Ýöne şol pursatda hem, suwuň akyş güýji gaty pes bolýar. Adamlar öz howuzlaryny hem suwdan dolduryp ýetişmeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Oba ýaşaýjylarynyň ençemesi ýaplarda suw ýoklugy sebäpli gapydaky ekinlerini hem suwaryp bilmeýändiklerini aýdýar.

“Mellek gurap ýatyr. Gapydaky mellegimize güýzlük ýorunja ekmekçi boldum. Ýöne suwuň ýoklugy sebäpli ekip bilmedim. Obadaky beýleki ekin meýdanlary hem takrap ýatyr” diýip, oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Sebitde suw üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagy gallaçy kärendeçi daýhanlary hem aladalandyrýar. Hususan-da, güýzlük bugdaý eken daýhanlar öz ekin meýdanlarynda talaba laýyk suwaryş işlerini geçirmekde kynçylyk çekýärler.

"Emeldarlaryň ýerlerine suw wagtynda berilýär"

“Bugdaý ekilen meýdanlaryň köpüsi kakap dur. Şol bir wagtda, döwlet emeldarlarynyň potrat ýerlerine suw wagtynda berilýär. Emeldarlar suwy bar bolan ýaplardan özlerine aýratyn nasos gurnap, kärende ýerlerine kesip alýarlar. Suw hem baýyňky. Häzirki wagtda daýhanlaryň arasynda kärende ýerlerini eýgermeýäris diýip taşlaýanlar köpeldi” diýip, maryly kärendeçi daýhan anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bellesek, häzirki wagtda welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Bu barada Marynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew 1-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Serdar Berdimuhwamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda oba hojalygy bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda suw üpjünçiligi bilen bagly problema ýyllarboýy dowam edýär. Bu, ýurduň ekerançylyk pudagynda we ilatyň kadaly agyz suw üpjünçiliginde ýiti mesele bolmagynda galýar.

Azatlyk bilen gepleşýän türkmenistanlylar, şol sanda paýtagtlylar öz ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiliginiň kadaly däldigini, suwuň duýdurylman kesilmegi we çäklendirilen sagatlarda berilmegi ýaly ýagdaýlaryň onlarça ýyl bäri gaýtalanyp, dowam edýändigini aýdýarlar.

Yssy we gurak klimatly Türkmenistan dünýäde adam başyna düşýän suwuň iň uly sarp edijileriniň arasynda durýar, bu babatda Merkezi Aziýada birinjiligi eýeleýär.

Dünýä ýurtlarynda suwuň sarp edilişiniň mukdary barada maglumat berýän “Worldometers” neşirine görä, dünýäde adam başyna günde ortaça 1,190 litr suw sarp edilýär. Bu görkeziji Türkmenistanda tas 13 esse köp bolup, ýurtda adam başyna günde 15,445 litrden gowrak suw sarp edilýär.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň dürli künjegindäki habarçylarymyz soňky birnäçe ýylyň dowamynda, hususan-da, soňky aýlarda Hazar deňziniň we Amyderýanyň suwunyň çekilmeginiň dowam edýändigi barada hem ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Türkmen hökümeti ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly problemalary agzamazdan, ýurduň çäginde suwdan rejeli peýdalanmak barada wagtal-wagtal çykyş edýär, ýöne bu babatda alnyp barylýan anyk işler barada aç-açan hasabat bermeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG