Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Lukoil' ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli daşary ýurtlardaky aktiwlerini satmakçy bolýar


Russiýanyň nebit öndüriji "Lukoil" kompaniýasynyň logosy
Russiýanyň nebit öndüriji "Lukoil" kompaniýasynyň logosy

“Lukoil” kompaniýasynyň web sahypasynda çap edilen beýanata görä, “kompaniýa we onuň bölümlerine garşy käbir ýurtlaryň çäklendirme çärelerini girizmegi sebäpli” “Lukoil” halkara aktiwleriniň potensial satyn alyjylarynyň tekliplerini gözden geçirip başlady.

“Aktiwleriň satuwy OFAC-yň ýapylyş ygtyýarnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Zerur bolan halatynda, kompaniýa daşary ýurt aktiwleriniň üznüksiz işlemegini üpjün etmek maksatly ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak üçin ýüz tutmagy meýilleşdirýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.

22-nji oktýabrda ABŞ Russiýanyň “Lukoil” we “Rosneft” kompaniýalaryna garşy sanksiýalary girizdi. ABŞ-nyň Gazna ministrligi esasy rus nebit öndürijileri babatyndaky bu çäklendirmeleriň “Russiýanyň Ukrainadaky urşuny bes etmäge gönükdirilen parahatçylyk prosesine çynlakaý ygrarly däldigi sebäpli” girizilendigini habar berdi.

“Lukoil” we “Rosneft” kompaniýalary bilen birlikde sanawa geologiýa gözlegleri, nebit we gaz önümçiligi, ýataklary dolandyrmak we logistika bilen meşgullanýan goşmaça kärhanalary hem girdi.

“Reuters” agentliginiň habaryna görä, mundan soň Hytaý rus nebitini satyn almagyny togtatdy.

XS
SM
MD
LG