Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml ABŞ bilen täze sammiti geçirmegi maksat edinýärkä, Ukraina Fransiýa bilen söweş uçarlary barada şertnama baglaşdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) 17-nji noýabrda Parižiň golaýyndaky Willakouble howa bazasynda fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen duşuşdy we olar söweş uçarlary barada ylalaşyga gol goýdular.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (çepde) 17-nji noýabrda Parižiň golaýyndaky Willakouble howa bazasynda fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen duşuşdy we olar söweş uçarlary barada ylalaşyga gol goýdular.

Ukraina goranyşyny güýçlendirmek üçin 100 sany “Rafale” söweş uçaryny almak barada Fransiýa bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu waka, Kremliň Ukrainadaky urşuň soňuna çykmak üçin mümkin bolan çözgüdi ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Birleşen Ştatlar bilen täze sammitiň geçirilmegine umyt edýändigini aýdan wagty boldy.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 17-nji noýabrda Parižde fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen duşuşdy we olar rus güýçleri Ukrainanyň dürli künjeklerinde howa hüjümlerini güýçlendirip, gündogarda öňe ilerleýän mahaly, şertnamany baglaşmak barada ylalaşdylar.

“Bu iň güýçli howa goranyş ulgamy, dünýäde iň güýçlileriň biri bolar” diýip, Zelenskiý aýtdy.

Bu ylalaşyk, şu aýyň başynda Şwesiýanyň we Ukrainanyň Kiýewiň 150-ä çenli “Gripen” atly dördünji nesil söweş uçarlaryny satyn almagyny göz öňünde tutýan ylalaşygy maliýeleşdirmegi üpjün etmäge golaýlandygy barada yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Zelenskiý Parižde ylalaşyga gol çekişýän mahaly, Kreml prezident Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň lideri Donald Trampyň arasynda ikinji sammitiň guralmagyny umyt edýändigini ýene-de bir gezek aýtdy.

XS
SM
MD
LG