Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kostýantyniwkanyň gideri ýeri bolmadyk ýaşaýjylary hüjüm astynda galýarlar


Gazy we elektrik togy bolmadyk raýatlar Kostýantyniwkada ot ýakýarlar.
Gazy we elektrik togy bolmadyk raýatlar Kostýantyniwkada ot ýakýarlar.

Kostýantyniwkanyň umytsyz ýaşaýjylary zeper ýeten binalaryň harabalyklarynda we ýakylan awtoulaglaryň üýşüp duran ýerinde ot ýakyp gün görýärlar.

Russiýanyň front liniýasyndaky bu şähere eden hüjümleri sebäpli gaz we elektrik liniýalary kesildi, şonuň üçin açyk ot adamlaryň nahar bişirmek üçin ýeke-täk serişdesidir.

"Olar hemişe uçýarlar. Uly, kiçi uçarlar, her dürli pilotsyz uçarlar" - diýip, bir aýal pilotsyz hüjümiň yzygiderli howpy barada gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ondan daşarda bolmakdan gorkýarmysyz diýip soranda, ol: "Mende başga çykalga ýok" diýip jogap berdi.

Bir wagtlar Ukrainanyň gündogaryndaky senagat şäheri bolan Kostýantyniwka 70 000 töweregi adamyň ýaşaýan ýeridi, häzirki wagtda onuň ilatynyň sany azaldy, emma şäheri ewakuasiýa etmek synanyşyklaryna garamazdan, az sanly raýaty, esasan hem gartaşan ýaşaýjylary gitmän galýar.

Köpler, açyk otda nahar bişirýän aýal ýaly, gidip biljek ýerleriniň ýokdugyny aýdýarlar.

"Meniň edip biljek zadym ýok" - diýip, başga bir ýaşaýjy aýdýar. Çorba bişirýän bu ýaşaýjy "Ýegenimiň Harkowda kwartirasy bardy. Men ol ýere gitjekdim, sebäbi ol Germaniýa gitdi. Ýöne ol jaý hem ýumruldy. Meniň gidere ýerim ýok" diýdi.

Ol Azatlyk Radiosyna ozal işleýän dükanynyň hem hüjümde weýran bolandygyny aýtdy. Ol golaýdaky pilotsyz uçaryň sesini eşidende: "Biz öwrenişdik" diýip arkaýyn aýtdy.

Şäherde we onuň töwereginde ýerleşýän ukrain güýçleri rus goşunlaryny Donetsk sebitiniň möhüm berkitmesi we söweşiň iň işjeň söweş meýdançalarynyň biri bolan Kostýantyniwka girmekden saklady.

Rus pilotsyz uçarlary köpelip barýarka, 93-nji aýratyn mehanizasiýa brigadasynyň esgerleri hüjümleriň öňüni almak üçin öz pilotsyz uçarlaryny ulanýarlar. Şeýle-de, ukrain pilotsyz uçarlary, gaty zerur üpjünçilik maksatlary üçin üpjünçilik mümkinçilikleriniň biri hökmünde ulanylýar.

"Pyýada goşuna zerur azyk, suw, elektrik banklary, ok, ýyly içki eşik, ýorgan ýaly zatlary getirmek üçin irden bäş sany pilotsyz uçar planlaşdyrylýar" diýip, Oleksandr atly esger gürrüň berdi. "Biz entek ýassyk getirmedik, ýöne getirmegimiz mümkin. Ýigitler kesel bolýarlar, olara ýarasyny saramak üçin bint gerek. Düýn biz olara asma sanjym berdik" diýip, esger aýtdy.

Ruslaryň Kostýantyniwka girmek ugrundaky tagallalary häzirlikçe petige direlse-de, raýat ýerlerine howa hüjümleri yzygiderli bolup geçýär.

Ýumrulan ýene bir jaýyň ýaşaýjysy, gysga wagtda uly zyýanyň ýetirilendigini gürrüň berip aglaýar: "Şäheri ýykmak üçin diňe üç hepde gerek boldy" - diýip rus goşunlarynyň hüjümi astyndaky şäheriň ýaşaýjysy aýdýar.

XS
SM
MD
LG