Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewiň Moskwada gurnan partlamasy Ukrainada himiki ýarag ulanmakda aýyplanýan generaly öldürdi


Sülçüler iş başynda
Sülçüler iş başynda

Moskwada bolan partlamada Russiýanyň ýadro, biologiýa we himiki gorag güýçlerine (RKhBZ) serkerdelik edýän ýokary derejeli ofiser öldürildi diýip, Russiýanyň Derňew komiteti aýtdy.

General-leýtenant Igor Kirillow we onuň kömekçisi 17-nji dekabr güni irden, Moskwadaky binanyň girelgesiniň daş işiginde goýlan skuterde gizlenen bombanyň partladylmagy netijesinde öldürildi diýip, komitetiň beýanatynda aýdylýar we bu hadysa boýunça derňew işiniň açylandygy habar berilýär.

54 ýaşly Kirillow Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başlan giň gerimli urşunyň başyndan bäri görnetin kast edişlikde öldürilen iň ýokary derejeli rus harbysy diýlip bilinýär.

Kreml Kirillowyň ölümi barada açyk düşündiriş bermedi, ýöne Dmitriý Medwedew, Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary ukrain ýolbaşçylarynyň "gutulgysyz haklaşyk" bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini resmi taýdan hiç bir tarap öz boýnuna almady. Emma, partlama Ukrainanyň SBU howpsuzlyk gullugynyň gurnan ýörite operasiýasynyň netijesi boldy diýip, SBU-daky bir çeşme Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

SBU rus güýçleriniň Ukrainadaky uruş wagtynda, Kirillowyň ýolbaşçylygy astynda himiki ýaraglary tasdan 5000 gezek ulanandygyny öňe sürdi.

Bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi, ýöne Kiýew, aýdylmagyna görä, ukrain urşuna gatnaşan rus resmilerini we harby ofiserlerini nyşana almak we olaryň janyna kast etmek kampaniýasynyň arkasynda durýar.

Igor Kirillow
Igor Kirillow

Bu waka Ukrainanyň SBU howpsuzlyk gullugynyň ukrain prokurorlarynyň Kirillowa garşy aýyplama bildirendigini habar beren gününiň yz ýanyndan boldy.

Ukrain häkimiýetleri bir gün öň onuň Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagy bilen başlanan uruşda ukrain goşunlaryna garşy ulanylan himiki ýaraglaryň ulanylmagynda jogapkärdigini aýtdy.

Kirillow Russiýada we Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan sebitlerinde öldürilmeli rus ofiserleriniň we uruşparaz şahsyýetleriň biri bolup durýar. Ol Moskwanyň uruşda ulanýan ganatly raketalaryny öndürýän rus kompaniýasynyň ýokary derejeli bir resmisiniň paýtagtyň daşynda atylyp öldürilendigi barada berlen habaryň bir hepde soňundan öldürildi.

Kirillow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň derňewiniň merkezinde, Moskwanyň daşynda ýerleşýän we jikme-jiklikleri açylan çäklendirilen desgada görkezilýän şahslaryň biri bolup, ABŞ Russiýanyň BMG-niň Biologiki ýarag konwensiýasyny bozup, biologiki hüjüm ýaraglary programmasyny işläp düzendigini öňe sürýär.

Derňew Russiýanyň döwlet habar beriş serişdelerinde görkezilen wideo ýazgylaryna esaslanýar. Wideoda şol wagtky goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň Sowet Soýuzynyň biologiki ýaraglar programmasynda möhüm rol oýnan we soň has giňeldilen desgany gözden geçirişi görkezilýär. Kirillow Şoýgunyň bu desgany, 48-nji Merkezi Ylmy Gözleg Institutyny gözden geçirmegine ýolbaşçylyk etdi.

Derňew komiteti partlamanyň rus paýtagtynyň Rýazanskiý prospektindäki ýaşaýyş jaýynyň daş işiginde bolandygyny aýtdy. Bu köçe Kremliň 7 km çemesi günorta-gündogarynda ýerleşýär.

Russiýanyň telegram kanalynda ýerleşdirilen suratlar ýaşaýyş jaýynyň zaýalan gapysynyň daşynda, garda ýatan iki jesedi görkezýär

Kwartira binasynyň golaýynda goýlan awtoulagy şekillerini seljereninden soň, Astra bu ulagyň Kirillowyňky bolandygyny habar berdi.

RKhBZ radioaktiw, himiki we biologiki zäherlenme şertlerinde işleýän ýörite güýçleri aňladýar.

Resmi terjimehalyna görä, Kirillow rus goşuny tarapyndan TOS-2 "Tosokka" agyr ot açyş ulgamyny döretmäge we kabul etmäge, şeýle-de COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşe gatnaşdy.

Kirillow we RKhBZ, gozgalaňlara gözegçilik ediji serişdeleri ulanandygy, söweş meýdanynda zäherli boguş agentini, hloropikrini ulanandygy baradaky bir toparyň habar sebäpli, oktýabr aýynda Angliýa, Kanada we Täze Zelandiýa tarapyndan sanksiýalar sanawyna girizildi.

Angliýa şonda Kirillow we onuň güýçleri "bu wagşy ýaraglaryň ýerleşdirilmegine kömek edendikleri üçin jogapkärdir" diýipdi.

Kreml bu aýyplamalary “esassyz” diýip atlandyrdy.

Russiýanyň döwlet habarlar gullugynyň, TASS-yň maglumatyna görä, Kostroma ýokary harby serkerdelik himiýa goranyş mekdebini tamamlan Kirillow RKhBZ-iň ýolbaşçylygyna 2017-nji ýylyň aprelinde bellenildi.

Ondan öň ol radiasiýa, himiýa we biologiýa goranyş güýçleriniň baş müdirliginde işledi.

Forum

XS
SM
MD
LG