Suratlar birnäçe möhüm kesel bilen baglanyşdyrylýan we häzirki koronawirus pandemiýasynyň dörän ýeri bolup biljek bazar ýerleriniň hakykatyny görkezýär. (Bellik: Käbir suratlar okyjylary biynjalyk edip biler)
Koronawirusyň dörän ýeri? Hytaýyň jedelli "Öl bazarlary"
5
... ýa-da et önümleri satylýar.
6
Muňa garamazdan, "öl bazarlaryň" käbiri - siwet pişikleri ýaly - ekzotik haýwanlaryň söwdasyny etmekde tanalýar. 2003-nji ýylda SARS diýlip atlandyrylýan koronawirus epidemiýasy birnäçe ýurtda ýüzlerçe adamyň ölmegine sebäp boldy. Epidemiýanyň, ýarganatyň siwet pişigine ýokuşdyrmagy we ondan hem adama geçmegi netijesinde, başlandygyna ynanylýar. Hytaý häkimiýetleri 10000 töweregi siwet pişigini öldürmegi tabşyrdy.
7
Nanjingde bir adam towuklaryň kapasalarynyň üstünde ýatyr. Täze ýokanç keselleriň köpüsi haýwanlardan geçýär. Haýwanlaryň dürli görnüşleriniň öldürilýän bazarlary golaýda dörän wiruslaryň birnäçesiniň episentri hasaplanýar.
8
Hytaýyň Ýunnan welaýatyndaky "öl bazarda" adamlar towuklary we itleri soýup arassalaýarlar. Wiruslar haýwanlardan adamlara haýwanyň demini içiňe çekmek, haýwanlaryň nejasady bilen hapalanan azygy iýmek ýa-da biologik suwuklygyň alyş-çalşygy netijesinde geçip biler. Bu gassap elini kesip işlän ýagdaýynda ýüze çykyp bilýär.