Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda sud karary bolmazdan emlägi konfiskasiýa etmek teklip edilýär. Aklawçylar hyýanatçylykly peýdalanmak barada duýdurýarlar


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Konstitusiýa sudy (Illýustrasiýa suraty)
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde Konstitusiýa sudy (Illýustrasiýa suraty)

Gyrgyzystanda raýatlaryň emlägini sud hökümi çykarylmazdan konfiskasiýa etmek teklip edilýär. Kanun taslamasynyň inisiatory Baş prokuratura bolup, resminama jemgyýetçilik pikir alyşmasyna hödürlendi.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy üç kodekse üýtgetmeleri girizmegi teklip edýär: Jenaýat kodeksine, Jenaýat prosessual kodeksine we Raýat kodeksine. Esasy pikir - raýatlaryň emläginiň sud höküminden soň däl-de, ondan öň konfiskasiýa edilmegine rugsat berilmegidir.

Kanun taslamasynyň awtorlarynyň pikiriçe, bu öz girdejilerini derňewlerden gizleýänleriň, şaýatlara basyş edýänleriň ýa-da suddan öň ölýänleriň bikanun girdejilerini býujete gaýtarmaga kömek eder. Ýogsam olaryň emläkleri — öýleri, awtoulaglary we kompaniýalary — garyndaşlarynyň ýa-da filiallarynyň elinde galýar.

"Şeýle ýagdaý jemgyýetde adalatsyzlyk duýgusyny döredýär, korrupsiýanyň gülläp ösmegine, jemgyýetiň kanun goraýjy ulgama bolan ynamynyň pese gaçmagyna getirýär we döwlet ýitiren serişdelerini yzyna gaýtaryp alyp bilmeýär” diýip, kanun taslamasyny goldaýan resminamada aýdylýar.

Bilermenler emlägi sud karary bolmazdan konfiskasiýa etmek pikiriniň diňe bir Gyrgyzystanyň Konstitusiýasyna däl, eýsem kanunyň esasy ýörelgelerine hem ters gelýändigini aýdýarlar.

Aklawçylar bigünälik prezumpsiýasynyň bozuljakdygyndan we derňewçileriň ýa-da prokurorlaryň bikanun baýamagyň subutnamasyny gözlemeginiň ýerine, emlägi konfiskasiýa edilýänleriň emläkleriniň kanuny satyn alnandygyny subut etmäge mejbur boljakdygyndan aladalanýarlar.

XS
SM
MD
LG