Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, Batken sebitiniň Leýlek etrabynyň Maksat obasynyň golaýyndaky gyrgyz-täjik serhediniň çäginde tikenli sim haýatlaryny gurmak işleri alnyp barylýar.
Sebit häkimiýetleriniň maglumatyna görä, häzirki wagtda Gyrgyzistan bilen Täjigistanyň serhediniň tas 116 kilometrine tikenli sim haýatlary çekildi.
12-nji noýabra çenli Batken sebitiniň çäklerinde 115 kilometr 958 metr aralyga tikenli sim çekildi. Bu simleriň 84 kilometr 806 metri Batken etrabynda, 31 kilometr 152,5 metri bolsa Leýlek etrabynda çekildi. Mundan başga, tikenli sim haýatynyň ugrunda 176 kilometr uzynlykdaky ýol guruldy.
Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon şu ýylyň 13-nji martynda Bişkekde iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedi baradaky ylalaşyga gol çekdi. Olar bu çäräni "taryhy" diýip atlandyrdylar.