Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz resmileri Çuý sebitinde hytaýlylaryň gatnaşmagynda dörän jedele reaksiýa bildirdiler


Konstantinowka obasynda bolan söweşden soň tussag edilenler. 2025-nji ýylyň 15-nji noýabry.
Konstantinowka obasynda bolan söweşden soň tussag edilenler. 2025-nji ýylyň 15-nji noýabry.

Çuý sebitinde hytaý raýatlarynyň gatnaşmagynda sürüjileriň arasynda gapma-garşylyk ýüze çykdy. Waka köpçülikleýin dawa-jenjele öwrüldi, netijede jenaýat işi gozgaldy we onlarça adam polisiýa bölümlerine äkidildi.

Daşary işler ministri Jeýenbek Kulubaýew we prezident administrasiýasynyň maglumat syýasaty bölüminiň başlygy Daýyrbek Orunbekow bu waka reaksiýa bildirdiler.

Olar parahatçylyga çagyrdylar, Gyrgyzystandaky hytaý raýatlarynyň sanynyň hakykatdanam köpelendigini aýtdylar we köp daşary ýurtly işçileriň ýurtda iri infrastruktura taslamalarynyň çäginde işleýändigini düşündirdiler.

Waka hytaýly ýük awtoulagynyň sürüjisi bilen ýerli ýaşaýjynyň arasynda dar ýolda bolan jedelden soň başlandy. Polisiýanyň maglumatyna görä, “China Road” we “Zhongzi” kompaniýalarynyň sürüjileri Konstantinowkanyň etegindäki karýerden gum we çagyl daşaýarka, ýolda dawalaşyp, çaknyşyga sebäp bolupdyr.

Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýewiň sözlerine görä, jedel ýakalaşyga öwrüldi we ýaralananlaryň biri hassahana ýerleşdirildi. Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy raýatlary "parahat bolmaga we prowokasiýalara boýun egmezlige" çagyrdy.

Prezidentiň metbugat gullugynyň başlygy Daýyrbek Orunbekow hem ýagdaýa teswir berdi we wakanyň sebäplerini we netijelerini has jikme-jik seljerdi. Ol munuň gurluşyk meýdançasyndaky işçileriň arasyndaky içerki dawa bolandygyny aýtdy: "Sebäp ýük awtoulagynyň sürüjileriniň arasyndaky ýol dawasy". Orunbekow ähli gatnaşyjylaryň, şol sanda Hytaý raýatlarynyň eýýäm anyklanandygyny we derňew işleriniň dowam edýändigini nygtady.

Şol bir wagtyň özünde, prezident administrasiýasynyň wekili Gyrgyzystandaky Hytaý raýatlarynyň sanynyň hakykatdanam artandygyny boýun aldy. Munuň, esasan Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýöriteleşdirilen hünärmenleri çekmek zerurlygy bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi.

XS
SM
MD
LG