Goşun gullugynda anyk bolmadyk ýagdaýlarda kellesine şikes ýetip, koma, huşsuz ýagdaýa düşen harby gullukçy Erbaýan Muhtar Türkiýede alýan bejergisiniň ýene bir tapgyryny tamamlap, Astana dolanyp geldi. Habar berilmegine görä, onuň kellesine operasiýa edilipdir.
"Häzir onuň ýagdaýy durnukly. Lukmanlar bejerginiň netijesini görmek üçin azyndan üç aý wagtyň gerek boljakdygyny aýtdylar. Şondan soň, dikeldiş üçin, Erbaýan ýene Stambula geler" diýip, žurnalist we Erbaýanyň hukuk wekili Inga Imanbaý sosial mediada ýazdy.
Imanbaý, ýeten şikesiň agyrlygy sebäpli, bejergileriň çalt netije bermegine garaşylmaýandygyny hem sözüne goşdy.
"Ýöne Erbaýan öz jan saglygy üçin göreşýär we siziň goldawyňyz oňa güýç berýär" diýip, ol öz ýazgysynda belledi.
Erbaýan Muhtar 2023-nji ýylyň ýazynda goşuna çagyryldy. Ol Almatydaky Milli Gwardiýanyň 5571-nji harby bölüminde gulluk etdi. Şol ýylyň dekabr aýynda, syrly ýagdaýlarda, Erbaýan harby hajathanada kellesinden şikes aldy we koma düşdi. Ol takmynan dört aýlap huşsuz ýatdy we 2024-nji ýylyň maý aýynda özüne geldi.