Gamburg sebit sudy asly özbegistanly, rus milliarderi Alişer Usmanowyň Germaniýanyň raýatyna garşy dawasyny kanagatlandyrdy. Germaniýanyň raýaty Facebook sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda işewüriň Şweýsariýanyň bank hasaplaryndaky aktiwlerini gizlemek üçin öz aýal dogany Saodat Narziýewany ulanandygyny öňe sürüpdi.
“Sud Alişer Usmanowa we onuň garyndaşlaryna garşy sanksiýa aýyplamalarynyň hiç hili fakt bilen goldanylmaýandygyny ýene bir gezek tassyklady. Sanksiýalar we abraý žurnalistik ýalňyşlyklar bilen bagly bolmaly däldir. Gamburg sudunyň karary, ÝB Geňeşiniň ozal hanym Narziýewany sanksiýa sanawyndan çykarmagy bilen birlikde, oňa garşy sanksiýalaryň ýalan esaslar bilen girizilendigini we olaryň henizem dowam edýän ähli ýurisdiksiýalarda ýatyrylmalydygyny aňladýar” diýip, Usmanowyň aklawçysy Ýoahim Nikolaus Ştaýnhöfel “Kommersant” gazetine beren maglumatynda aýtdy.
Saodat Narziýewa 2022-nji ýylyň aprelinde ÝB-niň we Beýik Britaniýanyň sanksiýa sanawyna girizildi. Bu karar, derňewçi žurnalistleriň onuň dogany Alişer Usmanowyň oňa “uly aktiwleri” geçirendigi baradaky aýyplamalaryna esaslanýar. Usmanowyň we Narziýewanyň wekilleri bu aýyplamalary ret etdiler.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ÝB Geňeşi Saodat Narziýewany sanksiýa sanawyndan çykardy. Şol bir wagtda, Beýik Britaniýanyň oňa garşy sanksiýalary öz güýjünde galýar. 2022-nji ýylda Gazeta.uz neşiri Narziýewanyň Beýik Britaniýadaky aktiwleriniň doňdurylandygy we oňa bu ýurda syýahat etmegiň gadagan edilendigi barada habar berdi.