Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komiteti (MHK) ýurduň iň uly şäheri Almatyda "terrorçylykly hüjümiň öňüniň alnandygyny" habar berdi. Agentlik hüjüm taýýarlygyna daşary ýurt raýatlarynyň gatnaşandygyny öňe sürýär.
"2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Almatyda taýýarlyk tapgyrynda bäş daşary ýurt raýaty tarapyndan meýilleşdirilen terrorçylykly hüjümiň öňi alyndy. Olaryň hemmesi tussag edildi we derňew işleri alnyp barylýar" diýip, MHK-nyň metbugat gullugy habar berdi.
Başga maglumat berilmedi.
Howpsuzlyk gullugynyň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda sekiz gazak raýaty "terrorçylygy wagyz etmekde" şübhelenip, jenaýat işleriniň çäginde tussag edildi. Bu döwürde alty adam terrorçylykly we ekstremist jenaýatlarda günäli tapyldy.
MHK-nyň maglumatyna görä, ýylyň başyndan bäri 89 adam, olaryň altysy daşary ýurtlular, şeýle jenaýatlar sebäpli sud edilipdir.