2025-nji ýylyň World Happiness Reportyna, Dünýä Bagtlylygy görkezijisine görä, Merkezi Aziýa ýurtlary dünýäde hoşniýetlilik we özara kömek babatynda iň ýokary derejeleriň birini görkezdi. Bu hasabat Oksford Saglyk Merkezi, Gallup Research we BMG-niň Durnukly ösüş tory tarapyndan çap edildi.
Ykdysady ýagdaýdaky tapawutlaryna garamazdan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ynamyň we sosial jebisligiň durnukly, ýokary derejesini görkezdiler.
Gazagystan 10 ballyk dereje boýunça 6,38 bal bilen global reýtingde 43-nji orny eýeläp, sebitde "iň bagtly" ýurt boldy. Bu ýurt ynam we dogruçyllyk babatynda ýokary baha aldy, goňşusyna [tapylan] gapjygy gaýtaryp bermekde 30-njy, nätanyş adama [tapylan] gapjygy gaýtaryp bermekde bolsa 42-nji orny eýeledi.
Özbegistan haýyr-sahawat işleriniň ýokary derejesi (29-njy orun) we polisiýa bolan ynamy (19-njy orun) bilen tapawutlanyp, 6,2 bal bilen 53-nji orny eýeledi.
Gyrgyzystan 5,9 bal bilen 75-nji orny aldy we nätanyş adamlara kömek etmekde sebitde öňdelige eýe boldy (55-nji orun).
Täjigistan 5,4 bal bilen 90-njy orny eýeledi, ýöne meýletinçilik boýunça dünýäde öňdebaryjy dört ýurduň biri boldy — bilermenler bu netijäni ýurduň köpçülikleýin goldaw we özara kömek bermek banatyndaky güýçli däpleri bilen baglanyşdyrýarlar.
Maglumat ýetmezçiligi sebäpli, Türkmenistan reýtinge girizilmedi.