Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FSB Ukrainanyň MiG-31-i alyp gaçmak synanyşygynyň öňüniň alnandygyny aýdýar


MiG-31
MiG-31

FSB, Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy 11-nji noýabrda Ukrainanyň aňtaw operasiýasynyň, Orsýetiň “Kinžal” raketasy bilen ýaraglanan MiG-31 söweş uçaryny alyp gaçmak synanyşygynyň öňüniň alnandygyny" yglan etdi.

“Kinžal” raketalary Ukraina garşy hüjümlerde giňden ulanylýan ýarag bolup durýar.

FSB sesden ýyndam uçary alyp gaçmak synanyşygynyň "öňüniň alnandygyny" yglan edeninden soň, muňa jogap hökmünde, Orsýetiň "Ukrain harby aňtaw gullugynyň radio aňtaw merkezine", şeýle-de F-16 uçarlarynyň ýerleşýän aeroportuna zarba urandygyny habar berdi.

Ukraina bu zarbalar barada habar bermedi. Ukrain metbugaty Browary şäherine iň soňky gezek 22-nji oktýabrda hüjüm edilendigini habar berdi. Orsýetiň Ukraina 10-njy noýabra geçilýän gije eden uly hüjüminde ulanylan “Kinžal” raketalary Hmelnitski sebitine gönükdirildi.

Emma muňa garamazdan, ukrain häkimiýetleriniň habaryna görä, bu hüjüm netijesinde sebitde ejir çeken ýa-da zyýan gören bolmady.

XS
SM
MD
LG