Adam hukuklaryny goraýan "Freedom House", “Azatlyj öýi” guramasy "Internetde azatlyk 2025" atly ýyllyk hasabatyny çap etdi.
Täze hasabatda dünýädäki internet azatlygynyň on bäş ýyl bäri tapgyr, yzygiderli pese gaçýandygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bolsa henizem "bölekleýin azat" we "azat däl" ýurtlaryň kategoriýalaryna degişli bolmagynda galýandygy aýdylýar.
Geçirilen barlaglaryň netijeleri ýagdaýyň 27 ýurtda ýaramazlaşandygyny, diňe 17 ýurtda gowulaşandygyny görkezdi.
Bu ýagdaýyň sebäpleri awtoritar repressiýalaryň dowam etmegi, protestleriň basylyp ýatyrylmagy, senzuranyň güýçlenmegi we söz azatlygyna abanýan howp-hatarlar bilen düşündirilýär.
Şeýle-de, käbir has azat ýurtlaryň pozisiýalarynyň gowşandygy bellenildi.
Iň uly pese gaçyşlar Keniýada (-6), Wenesuelada (-4) we Gürjüstanda (-4) hasaba alyndy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda 100 utukdan 47 utuk alan Gyrgyzystan sebitde "bölekleýin azat" internete eýe bolan ýeke-täk ýurt boldy. Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary internet azatlygy reýtinginde "azat däl" ýurtlar diýlip hasaplanýar.
Özbegistan umumy reýtingde 100 utukdan 29 utuk aldy. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, Täjigistan we Türkmenistan boýunça maglumat berilmeýär.