Awgust aýynyň başynda bir wideo esasan rus milletçi we urşa tarapdar duýgulary bilen tanalýan Telegram kanallarynda ýaýrap başlady. Onda bir aýalyň ýaňlanýan we gaýtalanýan sesi bilen, Russiýanyň 1990-njy ýyllardaky ykdysady bulam-bujarlygynyň pikselleşdirilen, "sepia" tonly şekilleriniň imperiýa we ybadathana nyşanlaryna, şeýle-de Moskwanyň Gyzyl meýdançasyndaky Keramatly Bazil ybadathanasyna öwrülýän pursatlary görkezilýär.
“Russiýanyň daşynda ýaşaýan hormatly watandaşlarymyz, biz size ýüzlenýäris!” diýip, diktor belleýär.
“Gahryman bolmak we taryha girmek wagtyňyz geldi! Bize ýazyň we biz size ýaşaýyş, azatlyk we geljege bolan hukugyňyzy goramaga kömek ederis. Biz size Watany goramaga kömek ederis!” diýlip, wideoda nygtalýar.
“Hormat bilen, Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleriniň Harby aňtaw gullugy” diýip, wideo tomaşaçylary hakyna tutma botuna, ýagny Telegramyň içindäki awtomatlaşdyrylan programma gönükdirýär.
Günbatar aňtaw gullugynyň we hukuk goraýjy edaralaryň resmileri birnäçe aý bäri aladalandyrýan tendensiýa barada duýduryş berip gelýärler: gözegçilik etmek, ot ýakmak, sabotaž we dezinformasiýa ýaýratmak ýaly dürli gizlin, käte weýran ediji işleri, köplenç bilmezden, ýerine ýetirmek üçin tötänleýin adamlar – “erkin işleýänler”, “wekiller”, “bir gezek ulanylýan agentler” hökmünde – adatça Telegramyň üsti bilen işe alynýarlar.
Häkimiýetler işe almak bilen meşgullanýan edaralaryň köplenç Russiýa bilen göni ýa-da gytaklaýyn baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Bu “GRU” ady bilen giňden tanalýan “Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleriniň Harby aňtaw gullugyny” hem öz içine alýar.
“Daşary ýurt aňtaw gullugy tarapyndan işe alynýan “proksis”, ýagny “wekil” hökmünde häsiýetlendiriljek adamlaryň sanynyň artýandygyny görýäris” diýip, Britaniýanyň Metropoliten polisiýasynyň serkerdesi Dominik Mörfi (Dominic Murphy) 18-nji sentýabrda Ukraina bilen baglanyşykly ammarda ot ýakmak üçin hakyna tutulandygy aýdylýan iki adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Bu adamlaryň, britan polisiýasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda operasiýalary ýurduň Goranmak ministrligi tarapyndan giňden kontrol edilýän “Wagner Group” hakyna tutma kompaniýasy tarapyndan işe alnandygy aýdylýar.
“Watany Goramak” atly wideonyň we oňa degişli işe alyş botynyň arkasynda “Melodiýa aňtaw merkezi” diýlip atlandyrylýan “GRU” bilen ilteşikli bölüm bar.
Azatlyk Radiosynyň Russiýa boýunça derňew gullugy “Systema” -nyň täze maglumatlary wideolary we işe alyş botlaryny ilkinji gezek gönüden-göni “GRU” bilen baglanyşdyrýar.
“Watany Goramak” wideosynyň we işe alynýan botlaryň arkasyndaky adam “Melodiýa aňtaw merkeziniň” başlygynyň orunbasarydyr.
Mundan başga-da, ol Ukrainada söweşen, Adolf Gitleriň doglan gününi bellän, ukrainleri kast etmäge çagyran we söweşi jynsy tejribe hökmünde häsiýetlendiren rus neo-nasist blogçysy we hakyna tutulan esgerdir.
“Bir erkek adam söweşe girişende bu jynsy islegdir. Bu, onuň bir aýaly isleýşi ýaly höwesli zatdyr. Siz [duşmany] öldüreniňizde, onuň aýalynyň dul galandygyndan lezzet alýarsyňyz…” diýip, Ýewgeniý Rasskazow Russiýanyň Ukraina çozmagyndan alty aý öň, 2021-nji ýylda ýaýradylan wideo söhbetdeşlikde aýtdy.
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda GRU-nyň ýokary derejeli ikinji resmisi general-leýtenant Wladimir Alekseýew Ukrainanyň Bahmut sebitini basyp almak söweşinde söweşen erkeklere medal gowşurdy. “Wagner” toparynda söweşýän hakyna tutma esgerler we türmelerden boşadylan tussaglar bu wakadan bäş aý ozal sebiti basyp almakda möhüm rol oýnapdy.
Telegramdaky wideo maglumata görä, baýrak alanlaryň arasynda garyşyk söweş sungatynyň öňki söweşijisi we Sankt-Peterburgyň “Zenit” futbol toparynyň güýçli janköýeri Mihail Turkanow hem bar.
Turkanow, “Ultras” diýlip atlandyrylýan ekstremist futbol janköýerleriniň klublaryndan döräp çykan we 2022-nji ýylda esaslandyrylan, “GRU” bilen baglanyşykly “Espanola” atly sagçy guramanyň hem weteranydyr.
“Espanola” guramasynyň agzalary faşistleriň nyşanlaryny ulanýarlar: brigadanyň belgisi 88 bolup, bu faşistleriň salamyny aňladýar, elipbiýiň sekizinji harpy iki gezek, ýagny Heil Hitler üçin HH.
Russiýada nasist nyşanlarynyň köpçülikde görkezilmegi bikanun hasaplanýar.
2024-nji ýylyň başynda “Espanola” guramasynyň resmileri aragatnaşyk hünärmenlerini, kiber aňtaw gullugynyň işgärlerini we beýlekileri işe kabul edýän “Melodiýa” atly ýarym-gizlin topary döretdiler. Onuň başlygynyň orunbasary “Topaz” lakamyny ulanýan Rasskazowdyr.
“Telegram” messenjerindäki işe almak kampaniýasy Günbataryň we Ukrainanyň aňtaw gulluklaryny gözegçilikde saklamagyň we ýüze çykarmagyň, şeýle-de potensial dildüwşükleriň öňüni almagyň näderejede kynlygy zerarly aladalandyrýar.
“Bir gezek ulanylýan agent bolmaň” diýip, Germaniýanyň polisiýasy şu aýyň başynda çap eden adaty bolmadyk beýanatynda aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.