Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ Bişkegi suduň “Kloop”, “Temirov Live” neşirlerini "ekstremist" atlandyran kararyny ýatyrmaga çagyrýar


Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän CPJ, Žurnalistleri goramak baradaky komitet 28-nji oktýabrda çap eden beýanatynda gyrgyz sudunyň derňew agentlikleriniň, “Temirov Live” we “Kloop” neşirleriniň "ekstremist" diýlip ykrar edilmegi barada çykaran kararyny ýatyrmaga çagyrdy.

Bu karar esasynda “Temirov Live” neşiriniň esaslandyryjysy we 2025-nji ýylda Halkara metbugat azatlygy baýragynyň eýesi bolan Bolot Temirowyň, şeýle-de “Kloop” neşiriniň esaslandyryjysy Rinat Tuhwatşiniň alyp barýan işleri “ekstremistik iş” diýlip ykrar edildi.

“Gyrgyzystanyň “Kloop” we “Temirov Live” derňew agentliklerini, şeýle hem olaryň esaslandyryjylary Bolot Temirow bilen Rinat Tuhwatşini “ekstremistler” diýip atlandyrmagy ýurduň iň ýokary häkimiýet derejelerine degişli bolan korrupsiýa garşy alnyp barylýän derňewleri basyp ýatyrmak üçin edilýän haýran galdyryjy we umytsyz synanyşyk” diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Gulnoza Said aýtdy.

“Bu görlüp-eşidilmedik karar prezident Žaparowyň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyzystanyň metbugat azatlygy boýunça ýokary reýtingli ýurt hökmündäki öňki statusyndan nähili daşlaşandygyny görkezýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi

Bişkekdäki kazyýet 28-nji oktýabrda garaşsyz “Kloop”, “Temirov Live”, şeýle-de “Aýt, aýt dese” neşirlerini, olaryň esaslandyryjylarynyň işlerini "ekstremist" diýip ykrar etdi.

XS
SM
MD
LG