Daşary ýurtlara çykmaga wiza we iş gözlemekde kömek edýän araçy ýa-da daşary ýurt firmalarynyň wekili hökmünde özüni görkezip, Merkezi Aziýadan bolan ýüzlerçe işçiden, ýeterlik derejede pul aldylar. Iş gözleýänler kezzaplaryň aldawyna düşdüler.
Daşkentde bir topar aldawçynyň üsti açyldy, olar daşary ýurtlarda asla bolmadyk iş orunlary barada, hiç bir zada şübhe bildirmeýän adamlardan, aldaw ýoly bilen, takmynan 50 müň dollar alypdyr diýip, iýun aýynda Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Prokuraturanyň maglumatynda aýdylyşyna görä, ol kezzaplar Özbegistanyň graždanlary bolmaly, olar adamlara Günbatar ilçihanalarynda işleýän tanyşlarynyň bardygyny, olaryň bolsa wiza taýýarlamaga kömek berjekdiklerini, munuň üçin öňünden töleg talap edilýänini aýdypdyrlar.
Şuňa meňzeş adawçylyk goňşy Gyrgyzystanda we Gazagystanda-da hasaba alyndy. Olar öz hyzmatlaryny esasan sosial mediada mahabatlandyryp teklip edýärler.
Işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly kezzapçylyk asla täzelik däl, ýöne häkimiýetler we bilermenler kowid çäklendirmeleri girizilip, syýahatçylyk-gatnaw hereketleriniň azalmagy bilen soňky aýlarda galp firmalaryň we kezzaplaryň sanynyň artandygyny duýdurdylar.
Iş gözlemäge mätäç bolan Merkezi Aziýanyň adamlary Russiýada jenaýatçylar tarapyndan nyşana alynýar. Bu ýurtda millionlarça migrant işçi Russiýanyň Ukraina çozup girmegi sebäpli, Günbatar tarapyndan girizilen berk ykdysady sanksiýalar wagtynda, aýlyklarynyň we iş mümkinçiliginiň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Moskwadaky bir hususy kompaniýa Ýewropada möwsümleýin iş orunlaryny wada berendigi üçin, Gyrgyzystandan bolan 150-den gowrak migrantyň hersi azyndan 1600 dollar töläpdirler, olar migrantlary aldapdyrlar.
‘Immigration 365’ atly bir kompaniýa Gyrgyzystandan bolanlardan iş wizasy we iş üpjünçiligi ýaly hyzmatlary üçin, öňünden tölenmegini talap etdi diýip, birnäçe aldanan adam Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna gürrüň berdiler.
44 ýaşly Aýzada Muradilowanyň aýtmagyna görä, Ýewropa ýurtlarynyň birinde, oba hojalygynda iş teklip edendigi üçin, fewral aýynda ‘Immigration 365’ kompaniýasyna iki ýarym müň dollar çemesi töländigini aýdýar.
“Olar maňa fewral aýynda işe gidersiň diýdiler, soň mart, aprel aýlarynda gitjekdigimi aýtdylar... Aprel aýynda olaryň ýanyna baranymda, maňa çakylyk iberilendigini we meniň basym gitjekdigimi aýtdylar. Emma olar maňa ol kagyzy görkezmediler" diýdi.
Ol kompaniýa Muradilowa Ýekaterinburgdaky konsullykdan wiza almagy maslahat beripdir. Muradilowa Russiýanyň paýtagtyndan takmynan 1670 km uzaklykda ýerleşýän Ýekaterinburg şäherine gidýär. Ol şol ýerde kezzaplygyň pidasy bolandygyny bilýär.
Gyrgyzystanyň Moskwadaky ilçihanasynyň işgärleri Muradilowanyň we beýleki gyrgyzystanlylaryň ýitiren serişdelerini yzyna almakda we kezzaplary paş etmekde, kömek sorandyklaryny tassykladylar. Rus polisiýasy galplyk faktlary boýunça jenaýat işini açdy diýip, ilçihana habar berdi.
Diňe şu ýylyň ilkinji üç aýynda, Gyrgyzystanyň polisiýasy immigrasiýa galplygy, Ýewropada, ABŞ-da, Kanadada we Günorta Koreýada işe ýerleşdirmek galplygy bilen baglanyşykly 32 jenaýat işini açdy.
ANGLIÝADA ÝERTUT ÝYGMAK IŞINI TEKLIP EDÝÄRLER
Soňky aýlarda Merkezi Aziýadan bolan müňlerçe migrant Angliýada möwsümleýin ferma işleri üçin, kanuny taýdan işe alyndy. Olar esasan Brexit, ýagny Ýewropa Bileleşiginden çykmagy bilen baglanyşykly dörän işçi ýetmezçiliginiň öwezini dolýarlar.
Merkezi Aziýadan bolan işçiler üçünji tarapyň üsti bilen saýlandy, iňlis firmalary bilen resmi şertnamalary bolan kompaniýalar aralykda durdular.
Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýadaky kezzaplar özlerini resmi taýdan işe alýan firma hökmünde görkezip, Angliýada iş ýerlerini mahabatlandyrmaga howlukdylar.
Kezzaplar köplenç Angliýada miwe ýygmaga ibermek wadasy bilen, özlerine ýüz tutýanlardan 100 dollardan, müň dollar aralygynda talap edýändigini Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň polisiýasy habar berýär.
Bu ýagdaý käbir Iňlis iş berijilerine Merkezi Aziýanyň potensial işçilerini kezzaplardan ägä bolmaga çagyrmaga itergi berdi.
Iňlis kompaniýasy Fruitful Jobs Merkezi Aziýada potensial iş gözleýänleri işe alýan AGRI HR ýeke-täk resmi firma ýüz tutmaga çagyrdy.
"Köp sanly kezzapçylyk bardygy sebäpli, Fruitful Jobs kompaniýasy tarapyndan tassyklanan Osrodek HR guramasynyň Özbegistanda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda ýa-da Gazagystanda işlemeýändigini we ol ýurtlarda ygtyýarly wekilleriniň hem ýokdugyny habar berýäris" diýip, kompaniýa ýazdy.
“Bize wekilçilik edýändigini aýdýan islendik edara KANUNSYZ hereket edýär. Işlemäge meýil bildirýänlerden, öňünden töleg talap edýänlerden uzak durmagyny haýyş edýäris. Biz bilen göni habarlaşmazdan öňürti, haýsydyr bir kompaniýa ýa-da şahs üçin, öňünden töleg etmäň, biz bilen göni habarlaşyň" diýip, Fruitful Jobs öz tekstinde aýdýar.
Merkezi Aziýanyň häkimiýetleri iş gözleýänlere kanuny kanallar arkaly iş gözlemegi we işe alýan kompaniýalaryň resminamalaryny üns bilen barlamagy maslahat berdiler.
"Ygtyýarnamasy bolmazdan bikanun işleýän kompaniýalaryň sany artýar" diýip, Özbegistanyň Iş üpjünçiligi ministrliginiň ýokary derejeli işgäri Zohid Askarow belleýär.
"Kanun boýunça diňe resmi taýdan hasaba alnan kompaniýanyň daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek meselesinde hukugy bar, şoňa görä, biz öz raýatlarymyzdan, [olara töleg etmezden öňürti] ol kompaniýanyň işini barlamagyny haýyş edýäris" diýip, Daşkentde geçirilen ýygnakda, Askarow aýtdy.
Bilermenler aldawçylaryň işe ýerleşmek isleýän adamlaryň iş tapmak we wiza almak meselesinde, esasy düzgünleri bilmeýändiklerinden we daşary ýurt dillerine düşünmeýändiklerinden peýdalanýandygyny aýdýarlar.
“Haçan-da, bir kompaniýa size iki hepdäniň dowamynda iş wizasyny düzedip berjekdigini aýtsa we munuň üçin öňünden pul talap etse, bu gümürtikdir. Adatça iş wizasyny almak üçin, üç-alty aý gerek bolýar" diýip, Gyrgyzystanyň işe ýerleşdirmek firmasynyň işgäri Daniýar Mukanbetow aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum