BMG-niň 27-nji oktýabrda çap eden derňewinde Russiýanyň güýçleriniň Ukrainadaky front liniýasynyň golaýynda ýaşaýan raýatlary öýlerinden kowmak üçin dronlary ulanandygy, olaryň yzyndan kameralar bilen yzarlandygy we gaçybatalga gözlänlere hüjüm edendigi anyklandy.
Şu hepde BMG-niň Baş Assambleýasyna hödürlenmeli bu hasabatda hüjümleriň "ilatyň zor bilen göçürilmeginiň adamzada garşy jenaýata" deňdigi aýdylýar.
Ukraina boýunça Garaşsyz Halkara Derňew Komissiýasy dron hüjümleriniň Günorta Ukrainanyň üç sebitinde, front liniýasynyň golaýynda we Dnepr derýasynyň aňyrsynda rus güýçleri tarapyndan raýatlary öýlerinden kowmak üçin bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda amala aşyrylandygyny mälim etdi.
"Rus häkimiýetleri dron hüjümleri, şeýle hem deportasiýalar we göçürmeler arkaly ukrain raýatlaryny ýaşaýan ýerlerinden kowmak üçin çäreleri yzygiderli utgaşdyrdylar" diýlip, derňewde aýdylýar.
Hasabat pidalar, şaýatlar, kömek işgärleri, ýerli häkimiýetler we ýüzlerçe tassyklanan internet wideolary bilen birlikde 226 adam bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň netijelerine esaslanýar. BMG-niň derňewçileri tarapyndan sorag edilen diri galanlaryň käbiri özlerini "awlanan" ýaly duýýandyklaryny aýtdylar.
Moskwa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina giň göwrümi çozuşyny başlandan gysga wagt soň BMG-niň Adam hukuklary geňeşi tarapyndan döredilen komissiýa maý aýynda Russiýanyň Ukrainanyň Herson sebitindäki Dnepr derýasynyň sag kenarynda 100 kilometrlik bölekde asuda ilata garşy eden dron hüjümlerini adam öldürmek we adamzada garşy jenaýat diýip kesgitledi.