Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde iki adamy öldürmekde güman edilýän adam öldürildi: IIM onuň gaçjak bolandygyny aýdýar


“Ak-Ordo-3” ýaşaýyş toplumy
“Ak-Ordo-3” ýaşaýyş toplumy

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi oktýabr aýynyň başynda Bişkegiň “Ak-Ordo-3” ýaşaýyş toplumynda iki adamy zalymlyk bilen öldürmekde güman edilýän 19 ýaşly I.S.-nyň ölendigini habar berdi.

Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, tussag Çuý sebitiniň Kemin etrabynda geçirilen derňew wagtynda gaçmaga synanyşdy.

"Kanuna laýyklykda we "Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy edaralarynda gulluk etmek" baradaky kanunyň 45-nji we 46-njy maddalary esasynda, polisiýa işgärleri öz gulluk ýaraglaryny ulandylar. I.S. bedenine düşen ýara netijesinde öldi" diýip, ministrik habar berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, güman edilýän adam Garagoldan Bişkek şäherine äkidilipdir. Ol ýolda hajathanany ulanmagy haýyş edýär we soň gaçmaga synanyşanda atylyp öldürilýär. Içeri işler ministrligi bu waka boýunça içerki gulluk derňewiniň geçirilýändigini aýtdy.

“Ak-Ordo-3” ýaşaýyş toplumynyň Yntymak köçesindäki bir jaýda 3-nji oktýabr gijesi 34 ýaşly bir erkegiň we onuň 38 ýaşly aýal doganynyň jesetleri tapyldy. Merhumyň aýaly üç çagasy bilen gaçyp gutulmaga ýetişdi.

Güman edilýän adam 7-nji oktýabrda tussag edildi. Polisiýanyň maglumatyna görä, ol eden işini boýun alypdyr.

Garyndaşlarynyň sözlerine görä, merhumyň yzynda üç çagasy galdy, aýaly dördünjisine göwreli.

XS
SM
MD
LG