Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa eden saparynyň çäginde Rim şäherinde Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna, Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Şeýle-de, Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda Rimdäki Kwirinale köşgüne baryp, Italiýanyň prezidenti Serjio Matarella bilen duşuşdy.
Türkmen prezidentiniň sapar wagtynda sözlän sözleri metbugatda dolulygyna çap edildi.
Ol Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik maksatlary barada durup geçdi.
“Birinjisi: senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ýapyk aýlawly “ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge girişdik” diýip, prezident aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistan täze daşarky bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany ösdürýär.