Geçen ýylyň dowamynda Belarusda migrant işçileriň sany 1,5 esse artyp, 32 müň adama ýetdi we olaryň 54%-ni Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary emele getirdi. Bu barada Belarusyň Zähmet we sosial gorag ministriniň orunbasary Tatýana Astreýko habar berdi. Astreýkonyň sözleri Belarusyň "BELTA" döwlet habar agentligi we "Belarus Segodnýa" neşiri tarapyndan sitirlendi.
Şeýle-de, belarus resmisiniň sözlerine görä, "Hindistandan we Nepaldan Belarusa gelýän" işçileriň sany hem ep-esli artdy.
Şol bir wagtyň özünde, Tatýana Astreýkonyň sözlerine görä, Belarusyň iş bilen üpjün edilen ilatynyň arasynda migrant işçileriň paýy öňküsi ýaly örän pes bolup, 1%-den az bolmagynda galýar.
Şeýle-de, ol Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlarynyň, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlaryň raýatlary ýaly, belaruslar bilen birmeňzeş iş hukuklaryna eýe däldigini hem belledi.
Astreýkonyň sözlerine görä, daşary ýurtly migrantlaryň aglaba bölegi esasan Minskde we Minsk sebitinde ýaşaýar we işleýär.
“Aýlyk haklarynyň ýokarlanmagy, iş ýerinde işleri öwrenmek mümkinçiligi, sabyrly çemeleşmek - bularyň hemmesi daşary ýurtlulary özüne çekýär” diýip, Astreýko belledi.