Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň satellitden alnan täze suratlary Ukraina bilen rus goşunlarynyň arasynda, birnäçe aýlap dowam eden söweşleriň getiren heläkçiligini görkezýär. Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň habar bermegine görä, 16-njy maýda rus goşuny Bahmutdaky ukrain pozisiýalaryna 55 hüjüm gurady.
Bahmudyň ýok edilmegi. Täze satellit suratlary ýanyp küle öwrülen harabaçylyklary görkezýär
5
Bahmutdaky binalar, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.
6
Ýanýan jaý we weýran edilen binalar, 2023-nji ýylyň 15-nji maýy.
"Bahmudyň goragy dowam edýär. Soňky günler ol ýerde rus goşunlaryna garşylyk görkezip, Ukraina öňe gidip biljekdigini görkezdi. Bahmut ugrundaky göreşde biziň goşunymyzyň öňe ilerlemegi şäheri goramak ugrundaky ilkinji üstünlikli amala aşyran hüjüm operasiýamyz" diýip, 15-nji maýda general-polkownik Oleksandr Syrskyý aýtdy.

7
Bahmut şäherindäki teatr we söwda dükanlary, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.
8
Teatryň ornunda galan weýrançylyk. Satellit suraty 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda düşürildi.