Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Axios: ABŞ-nyň plany Ukraina üçin NATO-nyň çäginde howpsuzlyk kepilligini öz içine alýar


Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý we ABŞ-nyň goşun sekretary Daniel Driskoll, Kiýew, 2025-nji ýylyň 20-nji noýabry.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý we ABŞ-nyň goşun sekretary Daniel Driskoll, Kiýew, 2025-nji ýylyň 20-nji noýabry.

“Axios” neşiriniň resminama salgylanyp habar bermegine görä, ABŞ-nyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşy bes etmek boýunça meýilnamasy NATO-nyň umumy goranyş baradaky şertnamasynyň 5-nji maddasynyň düzgünlerine meňzeş howpsuzlyk kepilliklerini öz içine alýar.

Meýilnama görä, Russiýanyň Ukraina garşy geljekde “çynlakaý, bilkastlaýyn we dowamly ýaragly hüjümi” “transatlantik jemgyýetiň parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýan hüjüm hasaplanar”. Resminamada ABŞ we onuň ýaranlary harby güýç bilen birlikde degişli jogap bererler diýilýär.

Howpsuzlyk kepillikleri ilki 10 ýyllap güýjünde bolar we özara ylalaşyk arkaly uzaldylyp bilner.

“Axios” neşiriniň çeşmesi bu teklibiň heniz ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ara alnyp maslahatlaşylmandygyny we üýtgedilip bilinjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň meýilnamasy resmi taýdan çap edilmedi we onuň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habar berlen görnüşinde bardygy Waşington ýa-da Moskwa tarapyndan tassyklanmady.

XS
SM
MD
LG