Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ženewada Ukraina bilen geçirilen gepleşiklerde ilerleme boldy diýýär


Ak Tam Kiýew wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde düýpli ileleme bolandygyny aýtdy.
Ak Tam Kiýew wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde düýpli ileleme bolandygyny aýtdy.

Ak Tam 23-nji noýabrda Ženewada Kiýew wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde düýpli ilerleme bolandygyny habar berdi.

Waşingtonyň nygtamagyna görä, taraplar duşuşyk netijelerinden soň, Ukrainanyň özygtyýarlylygyny doly goldaýan we adalatly parahatçylygy üpjün etmäge kömek etjek täzelenen we kämilleşdirilen konsepsiýany işläp düzdüler.

23-nji noýabrda çap edilen beýanatda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 28 maddadan ybarat meýilnamasyna girizilen üýtgetmeleriň jikme-jiklikleri aýan edilmedi. Bu resminama ozal, Orsýete gaty ýumşak çemeleşýändigi üçin, Kiýew tarapdarlary tarapyndan tankyt edilipdi.

"Köp zat üýtgeýär - biz urşy soňlamak üçin zerur bolan çäreleriň üstünde örän ünsli işleýäris" diýip, Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski bazar güni agşam, Ak Tamyň beýanatynyň öň ýanynda ýaýradylan wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Ukrain prezidentiniň edarasy “parahatçylyk barada” täzelenen we gaýtadan işlenen çarçuwaly “resminamanyň” taýýarlanandygyny tassyklady we bu işiň ýewropaly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşykda, ýakyn günlerde dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ak Tam başga bir beýanatda meýilnamanyň täze wersiýasynda Kiýew üçin güýçlendirilen howpsuzlyk kepillikleriniň bardygyny anyklaşdyrdy. Ukrain delegasiýasy bu resminamanyň özleriniň milli bähbitlerini şöhlelendirýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG