Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Täjigistan milliardlarça dollarlyk ylalaşyga gol çekdi


Emomali Rahmon we Donald Tramp, 2025-nji ýylyň 6-njy noýabry, Waşington
Emomali Rahmon we Donald Tramp, 2025-nji ýylyň 6-njy noýabry, Waşington

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň 6-njy noýabrda, C5+1 sammitiniň dowamynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygynda geçirilen gepleşikler, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, iki ýurt üçin hem milliardlarça dollar girdeji getirjek we täze iş orunlaryny döretjek ylalaşyklar toplumyna gol çekmek bilen tamamlandy.

Baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 3 milliard dollardan geçýär.

Esasy resminama Täjigistanyň “Somon Air” awiakompaniýasy bilen Amerikanyň “Boeing” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama boldy.

Täjigistan bu şertnama esasynda 14 sany “787 Dreamliner” we “737 MAX” uçarlaryny, şeýle-de jemi 3,2 milliard dollarlyk awiasiýa enjamlaryny alar.

Bulardan başga, täjik tarapy tebigy baýlyklary öwrenmek we durnukly ösdürmek üçin sputnik tehnologiýasyny ulanmakda ýöriteleşen kompaniýa, “Transparent Earth” bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Bu şertnamanyň bahasy 32,5 million dollara barabar boldy.

XS
SM
MD
LG