Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Senaty hökümet ýapylyşyny bes etmäge gönükdirilen kanun taslamasyny tassyklady


ABŞ-nyň Senaty bazar güni, 9-njy noýabrda federal hökümeti gaýtadan açmak we 40 günlük şatdauny, hökümet işiniň togtadylmagyny bes etmek maksady bilen taýýarlanan kanun taslamasy üçin ses berdi.

Şatdaunyň, hökümet ýapylmasynyň bes edilmegi üçin Respublikan partiýanyň býujet taslamasyny 60 senatoryň goldamagy gerekdi. Emma muňa garamazdan, respublikanlar Senatda diňe 52 ses bilen köpçülige eýe boldular.

Netijede, CNN we Politico neşirleriniň habar bermegine görä, Senatyň "merkezçi" sekiz demokratyndan ybarat topar Senatyň respublikan liderleri we Ak Tam bilen ylalaşyga geldi.

"Fox" neşiri olaryň atlaryny habar berdi: Angus King (Demokrat-Meýn), Jon Fetterman (Demokrat-Pensilwaniýa), Katerin Kortez Masto (Demokrat-Nevada), Žan Şahin (Demokrat-Hawaýi), Meggi Hassan (Demokrat-Hawaýi), Jeki Rozen (Demokrat-Miçigan), Tim Keýn (Demokrat-Wirjiniýa) we Senatyň ikinji derejeli demokraty, Illinoýsyň wekili Dik Durbin.

XS
SM
MD
LG