ABŞ-nyň 2026-njy ýyl üçin goranyş býujetinde Ukraina harby goldaw üçin 400 million dollar bölünip berler. "The Hill" neşiriniň çap eden kanun taslamasyna görä, 2027-nji ýylda hem Ukraina şonça möçberdäki kömek bölünip berler.
Resminama görä, ABŞ-nyň 2026-njy ýyl üçin goranmak býujeti 901 milliard dollar bolar. Prezident Donald Tramp ozal goranyş üçin 892,6 milliard dollar sorapdy.
Şeýle-de, kanun taslamasy Orsýetiň "Hindi-Ýuwaş ummany sebitindäki ýurtlara”, hususan-da Hytaýa täsir edýän “harby strategiýasyna, maksatlaryna we güýç deňagramlylygyna" baha berilmegini göz öňünde tutýar.
Hytaýyň, Russiýanyň, Eýranyň we KHDR-iň arasynda "diplomatik, maglumat, harby we ykdysady ulgamlarda" "ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möçberiniň" hasabatyny taýýarlamak aýratyn teklip edilýär.
Bulardan başga, resminama harby gullukçylaryň aýlyk haklarynyň 3,8% ýokarlandyrylmagyny, ýarag önümçiliginiň artdyrylmagyny we Goranmak ministrliginiň şertnama ulgamynyň reformasyny öz içine alýar.
Şeýle-de, harby dronlaryň önümçiligini çaltlandyrmak, raketadan goranyş ulgamyny reforma etmek, köp gatlakly "Altyn gümmez" raketadan goranyş ulgamyny döretmek we prezident Donald Trampyň permanlaryna laýyklykda, harby güýçleri ABŞ-nyň günorta serhedine ýerleşdirmek nazarda tutulýar.