Russiýanyň Ukraina basyp girmegi sebäpli dowam edýän üpjünçilik zynjyrlarynyň bozulan döwründe, haryt bazarlarynda hoş habar hem bar: dünýäde iň ýokary bugdaý öndüriji 10 ýurduň biri bolan Pakistan rekord hasyl barada habar berdi.
Rekord derejedäki hasyl. Bütindünýä azyk krizisiniň arasynda, Pakistan üstünlikli orak möwsümi barada habar berýär
5
Geçen ýylyň fewral aýynda, Russiýa Ukraina çozup girenden soň, azyk önümleriniň bahasy eýýäm gymmatlapdy, sebäbi galla we dökünleriň söwda ulgamlary bozulyp, bahalar has-da ýokarlandy. Ýöne bütindünýä möçberinde bahalaryň ýokarlanmagy birwagt gutardy.
6
BMG-niň maglumatyna görä, Braziliýa we Russiýa ýaly ýurtlarda hasylyň görülmedik derejede köp bolmagy, şeýle-de Kiýew bilen Moskwanyň arasynda, Gara deňziň üsti bilen galla geçirmäge mümkinçilik berýän gowşak ylalaşyk sebäpli, bütin ýylyň dowamynda azyk önümleriniň bahasy aşaklady.
7
Azyk bazarlary biri-birine şeýle bir baglanşykly bolansoň, Bütindünýä ösüş merkeziniň Londondaky Ýewropa programmasynyň ekonomisti we egindeş direktory Ýan Mitçell: «dünýäniň niresinde bolsaňyz-da, dünýä bahalarynyň ýokarlanmagynyň täsirini duýarsyňyz" diýýär.
8
Pakistanyň daýhanlary Peşawaryň etegindäki obada orak möwsüminde döwlen harmanyň hasylyny saýlaýarlar.
Wilson merkeziniň garaşsyz barlag instituty 6-njy martda Pakistanda 77 million adamyň açlykdan ejir çekýändigini, 45 million adamyň bolsa doýa-garna iýip-içmeýändigini habar berdi.
Wilson merkeziniň garaşsyz barlag instituty 6-njy martda Pakistanda 77 million adamyň açlykdan ejir çekýändigini, 45 million adamyň bolsa doýa-garna iýip-içmeýändigini habar berdi.