Buharadaky ýewreýleri sany gün-günden azalyp barýar, belki-de, geljekde olaryň Özbegistandaky bilim, dini we medeni merkezleri muzeýe öwrülip, taryhy-medeni goraghanasy bolar.
Soňky 30 ýylyň dowamynda, 20 müňden gowrak ýewreý Buharadan Ysraýyla, ABŞ-a we Ýewropa göçüp gitdi.
Otabek Murodow mundan 22 ýyl ozal Buhara ýewreýleriň mähellesinde ornaşyp, ol ýerden dört sany ýaşaýyş jaýyny satyn alyp, syýahatçylyk merkezini döredýär. Ol jaýlar taryhy gymmatlyga eýe, sebäbi mundan iki ýüz ýyl öň gurlup, ýewreý däp-dessurlary esasynda bezelipdir.
«Jaýlaryň bezegi, olaryň durky nähili bolan bolsa, şonuň ýaly-da saklanýar. Reňkleri we bezeg nagyşlary öňküsi ýaly. Olaryň öňki eýesi Nýu-Ýork şäherine göçüp gitdi, bu jaýlar birnäçe ýyllap ýapyk durdy. Ol 2018-nji ýylda Buhara gelip, bu jaýlary bize satdy» diýip, Otabek Murodow gürrüň berýär.
Eýsem-de, şu günler hem ýewreýleriň köpüsiniň jaýynyň gapysyndan agyr gulp asylgy dur. Buhara şäheriniň ýaşaýjysy Sadriddin Faýziýew eýesiniň haýyşy boýunça bu jaýlaryň birine gözegçilik edýändigini aýdýar.
«Hojaýyn Amerikada ýaşaýar. Ol birnäçe ýyldan bir gezek gelýär. Onuň ejesi diri, şonuň üçinem jaýy satmak barada gürrüň bolup bilmez» diýip, ol sözüne goşýar.
Buhara şäherinde ýewreý sinagogasy hem bar, oňa Ybraýym Isakow baştutanlyk edýär. Köp wagtyny ol ybadat otagynda bolup, bu ýere gelýänleri hem myhmanlary garşy alyp ugradýar. Onuň sözüne görä, sinagoga 400 ýyl mundan ozal gurlupdyr. Biziň gürrüňdeşimiz häzir Buharada 200-e golaý ýewreý maşgalasynyň galandygyny, "90-njy ýyllara çenli bu ýerde 23 müň ýewreýiň ýaşandygyny" aýdýar.
«Olary hiç kim kowmady ýa-da gysmady. Olar daşary ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlarynyň maslahaty boýunça watanyny terk etdiler. Buhara ýewreýleriniň köpüsiniň garyndaşy Ysraýylda ýaşaýar. Öň ýollar ýapykdy, ýöne ýollar açylandan soň, olar garyndaşlaryny öz ýanyna çagyrdylar. Gitdiler, ol ýerdäki durmuşy gördüler, haladylar. Käbirleri täze ýerde biznes alyp barýarlar, beýlekiler bolsa gowy durmuşyň gözleginde» diýip, sözüni dowam etdirdi.
Isakowyň aýtmagyna görä, Buharada galan ýewreýler gaty az bolsa-da, öz mekdebini hem sinagogany saklaýarlar, olar öz däp-dessurlaryna hormat goýup, ol mirasy alyp barýarlar. Buhara şäherindäki 36-njy mekdep Merkezi Aziýada iwrit dilinde sapak berýän ýeke-täk mekdepdir.
Buhara şäheriniň ýaşaýjysy Olga Lawreşowa iwrit dilini bilýänleriň biridir. Ol gyz birnäçe ýyl Ysraýylda ýaşandan soň, dogduk şäherine dolanyp geldi.
«Gynansak-da, iwrit dilini öwredýän mugallymlar gaty az. Özbegistanda hatda Daşkentde-de bu dili öwrenmek üçin merkezler ýok. Biz çagalarymyzyň bu dili bilmegini, ýewreý däp-dessurlaryny we medeniýetini öwrenmegini isleýäris» diýip, Olga Lawreşowa aýdýar.
Buhara ýewreýleriniň köpüsiniň göçüp, dünýäniň dürli künjeklerinde mekan tutup ýaşaýandyklaryna garamazdan, wagtal-wagtal ata-babalarynyň ýurduna gelýärler. Buhara şäherindäki ýewreý gonamçylygy 9 gektara golaý meýdany öz içine alýar we onuň köp asyrlyk taryhy bar. Bu ýer müňlerçe ýewreý üçin, kyýamatlyk öýüne öwrüldi.
Buharadaky ýewreý gonamçylygyna Jahongir Dilow gözegçilik edýär. «Häzir gonamçylygyň çäginde abatlaýyş-rejeleýiş işleri alnyp barylýar. Hudaý halasa, bu ýere Amerikadan, Awstriýadan, Ysraýyldan we Germaniýadan zyýaratçylar gelmeli. Olar ýewreýleriň mazarçylygynyň hem sinagogasynyň ýagdaýyny görmek isleýärler» diýip gürrüň berýär.
Ýewreý jemagatynyň wekilleri öz ata-babalarynyň ýüzlerçe ýyl mundan ozal Buharada ornaşandygyny aýdýarlar, beýleki birnäçeleri bolsa ýurduň başga sebitlerinden soňra göçüp gelipdir. Şeýlelik bilen Buharada ýewreýleriň Merkezi Aziýadaky esasy merkezi emele gelipdir.
Olardan bir bölegi Täjigistanda ýaşady we dürli ugurlarda, hususan-da ylymda we sungatda öz goşandyny goşdular. Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen olaryň köpüsi Ysraýyla we beýleki ýurtlara göçüp gitdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum