Içi ýagty awtobus – ýokary tehnologiýaly medisina transporty ýaraly bolanlary göçürýär. Zerur tehnika bilen üpjün edilen awtobus arkaly meýletin lukmanlar Bahmut front liniýasynda, agyr ýaralanan esgerlere ilkinji möhüm kömegi berýärler.
Halas ediji awtobus. Hereket edýän medisina topary söweşde ýaralanan Ukrain esgerlerine ilkinji kömegi berýär
5
Medisina topary iş wagtynda, owaly bilen ýaraly bolanlaryň ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga çalyşýar, soňra ýaralyny kabul etmäge taýýar bolmagy üçin, Dniprodaky keselhana bilen habarlaşýarlar.
6
Ýaralanan esger keselhana äkidilmegine garaşýar.
7
"Häzir bizde hereket edýän diňe bir awtobus bar, ol biziň ulanýanymyz. Ýöne biz ýene-de iki awtobus satyn aldyk. Biz olary enjamlaşdyrýarys, ýakyn geljekde olar işe giriziler. Haçan boljagyny takyk aýdyp biljek däl, ýöne bir-iki aýyň içinde ulanyp başlarys öýdýän” diýip, Wolodymyr aýdýar.
8
Awtobuslardaky tiz kömek medisina hyzmaty Ukrainadaky adamlary göçüriji meýletin toparlarynyň giň ulgamynyň bir bölegi bolup durýar. Bu ulgam meýletinçileriň kiçi toparlary arkaly garymda duran esgerler bilen yzdaky topary, soňra meýdan keselhanalaryny ýa-da iň golaýdaky medisina bölümini hem-de agyr ýaralananlary kabul edýän uly keselhanalary birleşdirýär.
Meýletinçiler hem rus goşunlarynyň zarbasynyň astynda galýarlar.
Meýletinçiler hem rus goşunlarynyň zarbasynyň astynda galýarlar.