2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan, rus goşunlary Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Soledar şäherine ummasyz uly güýç sürüp, paýhassyz hüjüm gurady. Ukrainanyň Goranmak ministrligi bu hüjümi "maniakal – paýhassyzlyk" diýip atlandyrdy. Ol şäher Bahmutyň demirgazygynda ýerleşip, Ukrainanyň Donetsk sebitinde goranyşyň esasy nokady bolup durýar. Soledar harby ähmiýetinden başga-da, rus goşunlary üçin aýratyn ruhy ähmiýete eýe, olar uzak wagtlap ýeňlişlerden we yza çekilmelerden soň, üstünlik gazanmak islediler. Mundan daşary, şäheriň ykdysady ähmiýeti bolup; ol ýerde ýurduň iň iri nahar duzuny öndürýän "Artemsol" kärhanasy ýerleşýär. Soledaryň aşagynda onlarça kilometre barabar duz känleriniň tunelleri – ýer asty nagymlary uzalyp gidýär. Azatlyk Radiosynyň fotosuratçysy Amos Çappl rus goşunlary Soledary ýer bilen ýegsan etmezinden üç ýyl öň – 2019-njy ýylda, ol ýere bolup gördi.
Ýeriň duzy. Soledar – duz känleri we weýrançylyk
1
Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Donetsk sebitindäki “Artemsol” käninden alnan arassa duz.
2
Müňlerçe tonna duz daşy gazylyp alnansoň, adam güýji tarapyndan döredilen gowak. Bu kände işleýän geologlaryň aýtmagyna görä, 1881-nji ýylda iş başlanyndan bäri duz gatlagynyň 5%-den az bölegi gazylyp alnypdyr.
3
Ýüzlerçe metr aşakda gyssagly ýagdaýda ýokary çykmak üçin goýlan merdiwan.
4
Aşakda ýük gatnawy üçin döredilen tunnel. Gadymy deňiz gurap gidenden soň, ägirt uly duz gatlagy emele gelipdir.