Pandemiýa bilen bagly ykdysady durnuksyzlykdan soň, Orsýetiň Ukrainany basyp almak hüjümi başlandy. Ýaşaýyş üçin çykdajylaryň gün-günden artýan krizisi bütin dünýäde nägilelik döretdi. Mydama bolup gelýän sil joşguny, açlyk, Mihail Gorbaçýowyň ölümi, töwerekdäki howanyň krizisi, ynsan hukuklary, Eýranyň aýallary – bular başagaýlykda geçen 2022-nji ýylyň ýatdan çykmajak pursatlarydyr.
2022-nji ýylyň ýatdan çykmajak suratlary
21
Gaýa urlup heläkçilige uçran ýelkenli gämidäki migrantlaryň jesetleri. Gämi 2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Gresiýanyň günortasyndaky Kitira adasynda gark boldy. (AP Photo/Thanassis Stawrakis)
22
Russiýanyň Su-34 uçary 9 gatly jaýa gelip uranda, Ýeýsk şäherinde 15 adam öldi. Resmi maglumatlara görä, uçuşyň dowamynda uçaryň motorynda näsazlyk bolupdyr. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabry. Uçarmanlaryň biri (sagda) paraşut bilen böküp, diri galdy. (AP)
23
9 ýaşly owgan gyzy Kabulyň etegindäki kerpiç zawodynda işleýär, Owganystan, 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabry. "Talyban" bir ýyl mundan ozal häkimiýete geleninden bäri, Owganystanda işleýän çagalaryň sany barha artýar. (AP Photo/Ebragim Noruzi)
24
22 ýaşly Amini hijap we adaty egin-eşik geýmek baradaky ýurduň berk düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, Tähranda ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilende we 16-njy sentýabrda aradan çykandan soň, Eýrany garşy duruş tolkunlary sarsdyrdy. (AFP/UGC)